گونوبک Gönübek

گونوبک Gönübek

Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi
گونوبک Gönübek

گونوبک Gönübek

Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi

GÖNÜBEK 3

Birnäçe ýyl şondan öň Kerimberdi işan bilen bile Mekgeden gelen araplardyr türklerem öz-özüňi saklamak hem yslamyň umumy işini goramak üçin ruslar bilen gaýduwsyz göreşmegiň zerurdygyny aýdypdylar. Ruslar öňlerem bu ýerlere aralaşjak bolup telim gezek synanyşyp görüpdiler. Ýöne otrýadlary paýhynlanansoň, olar yzlaryna gaýdypdylar. Bu gezegem, eger biz gaýduwsyzlyk bilen pugta dursak, ruslar giderler. Eger biz olar bilen gepleşiklere başlasak, gowşaklyk etsek, ýaýdansak, onda ruslar hemişelik galarlar, özleriniňkileri getirerler hem bizi bar zatdan mahrum ederler. Biz şonda näderis? Iňlisler ýarag kömegini etmegi wada berýärler. Eger ähli maşgalasyny bir ýere ýygnamasak, türkmenler uruşmazlar. Iň ahyrynda hem goý maşgalalarymyz biziň bilen bile heläk bolsunlar, bary bir olar bizden soň olja bolarlar. Raýat bolmagyň nämedigini biz bu gün görmeli däl. Hatda dinibir halkdan hem onuň hökümdaryndan (Horezm) sütemden, paç-hyraçdyr kemsidilmekden başga gören zadymyz ýok. Ruslar näme ondan gowudyr öýdýäňizmi? Olar ymamynyň baştutanlygynda Kawkazyň ýaryny parçalapdyr diýýärler. Musulmanlar Ruma (Türkiýä) gaçyp gitmäge mejbur bolanmyşlar. Iňlis patyşasy ruslary halanokmyş diýýärler.

Urşuň tarapdarlarynyň, halkyň aglaba köpçüliginiň aýdan zatlary şunuň ýalydy.

— Men ruslary halamok — diýip, Atalyk aýtdy. — Men olaryň kimdigini Hywada görendirin. Men hywalylar bilen ruslaryň urşuna gatnaşdym ahyry. Meniň watana-da, dini ygtykada-da garşylygym ýok. Meniň öz ykbalymyza, maşgalamyzyň ykbalyna nebsim agyrýar. Men başga zat aýtjak däl. Eger gerek bolsa, men siz bilen bile ölerin.

Märekäniň allajy nazary hem goh-galmagaly Atalyga uzak gürlemäge maý bermedi. Onuň yzyndan Orazmämmet han gürledi.

— Ýurtlar hem halklar kasam bilen däl-de, top bilen, tüpeň bilen goranýarlar — diýip, ol gürläp başlady. — Kasam, ant, soňam lebziňden dänmek, ýurdy saklaman, gaýta weýran edýär. Men özümizi, ýurdumyzy, çagalarymyzy hem aýallarymyzy şeýle aýylganç ejire sezewar etmäge hiç hili zerurlyk ýokmuka diýýärin. Ruslar biziň öňki sanyna bakman gyran parslarymyzam däl, tatlarymyzam däl. Eger siz bu gün öz guran toprak galaňyz bilen ruslara garşy durmak isleýän bolsaňyz, bu siziň ýer ýüzünde galdyran iň soňky keşdäňiz bolar. Ejiz towşan tüýräk bolsa ýagşy. Doňzuň arkasyny tüýüniň tersine däl-de, ugruna sypanyň ýagşy. Eger bu aňkasy aşan mähelläniň, aklyny aldyran adamlaryň gepine gitsek, biz ähli emlägimizem, özümizem heläk ederis. Maňa gepleşik geçirmäge ygtyýar edilmegini soraýaryn. Men bu kasamyňyzy kabul etmeýärin, ähliňizi hem beýle etmekden saklanmaga çagyrýaryn.

Märekäniň arasyndan gazaply sesler ýaňlanyp başlady:

— Ruslardan näçe hak aldyň? — Hemşerileriň kim? — Haçandinden dändiň? — Dönük! — Haýyn! — Ruslary gyrmagy Atalyk bilen Orazmämmetden başlamaly! 

Adamlaryň sesinden olaryň ýetjek derejesine ýetendigi, çäkden geçip, Atalyk bilen Orazmämmet hanyň bokurdagyna ýapyşaýmagynyňam daş däldigi görnüp durdy.

Şolardan soň geplän aksakgallar märekäni köşeşdirmek bilen boldular, Atalyk bilen Orazmämmet hanyň berýän maslahatynyň ak ýürekdendigine, olaryň watany goramaga taýýardygyna ynandyrdylar. Ätiýaçlylyk hem seresaplylyk etmek gowy zat diýdiler. Hemme kişini parahatlyga, pähim-paýhasa çagyrdylar, her bir adama, onda-da Orazmämmet han bilen Atalyk ýaly atlyabraýly adamlara öz pikirini, pähim-paýhasyny erkana aýtmaga mümkinçilik bermegiň zerurdygyny nygtadylar. Eger şeýle edilmejek bolsa, ondanam bir maslahat bolarmy diýdiler.

Şeýlelikde, bu meseläniň düýp manysy babatda biri-birine çapraz pikirler orta atyldy hem aksakgallar belli bir karara gelip bilmediler, meseläni halkyň ygtyýaryna hödürlemeli, özem köpçüligiň erki azlyk üçin hökmany bolmaly diýen netijä geldiler. Köp müň adam gatnaşan maslahat biragyzdan diýen ýaly uruşmaly diýen netijä geldi. Hut şol ýeriň özünde öz obalaryny hem tirelerini bulaýan aýry-aýry aksakgallary hem olaryň obasyny talaňa salmaly, rus häkimiýetleri bilen aragatnaşyk saklaýan Dykma serdaryň o6asy Börmäni talap ondaky maşgalalary Gökdepä göçürip getirmeli etdiler. Çulba baýyň öýüni ýumurmak, Köşi obasyny weýran etmek bellendi. Şübheliräk görülýän köp adamlaryň atlary agzaldy.

Ýöne öýleri ýumurmaly, obalary weýran etmeli bolmady. Müň atlydan ybarat ýörite otrýad bilen Börme obasy talanandan soň, ikirjiňlenýän adamlaryň hemmesi köpçülige goşulyp, Gökdepe galasyna jemlenip başlady.

Şu wakalardan soň ähli halk bolup kasam etmek baradaky mesele öz-özünden çözüldi duruberdi. Märeke ilki bolup Orazmämmet han bilen Hanmämmet atalygyň ant içmegini talap etdi. Kasam şeýle ýagdaýda kabul edildi. Birnäçe işanlaryň, mollalaryň, aksakgallaryň arasynda duran Kerimberdi işanyň öňünde elde göçürilen äpet gurhany goýdular. Kasam edýänler işan bilen gurhanyň aralygyndan ýöne geçip gitse-de bolýardy, iki elini gurhana degrip, ýüzüne sylsa-da bolýardy. Agyr märeke:

— Orazmämmet! Atalyk! — diýip, gygyryp başlady. Halkyň talabyna boýun bolup, olar ilki kasam etmeli boldular.

— Sen bir akmak halk ekeniň! — diýip, Orazmämmet han aýtdy. — Özümiň akmak bolanym üçin däl-de, seniň akmak bolanyň üçin men şu kasamy kabul edýärin, şu ýerde-de ölerin. Özüňe abatlyk islemeýän bolsaň, senem ölmegi başar!

Ol şeýle diýdi-de, gurhanyň gapdalyndan geçdi. — Men size Atalygyň namart däldigini subut ederin — diýip, Atalyk görgüli aýtdy. — Dinden çykan biz däldiris, dinden çykan akmak halky nähak ýola iterýän adamlardyr. Ine menem geçýärin!

Müňläp-müňläp märeke başyny dik tutup, uly tertiplilik bilen şondan soňky aýylganç wakalar bilen biziň aramyzda keserip ýatan heläkçilik çäginden aňry ätledi.

Bu gürrüňi edilen wakalardan has soň, Dykma serdar öz ýoldaşlary bilen ruslardan biziň tarapymyza gaçyp geçenmiş diýen habar ýaýrady. Dykma serdar özüniň ruslaryň arasyna gitmeginiň sebäbini olaryň planlaryny, güýjüni biljek boldum diýip düşündirdi. Ol indi bu işi gutaran hasap edýändigini, şonuň üçinem özüniň hem börmelileriň maşgalalarynyň ýesir alynmagynyň düşünişmezlikden bolan zatdygyny aýtdy. Öz sözüne gulak asan ähli adamlar bilen bilelikde ähli halkyň duran ýerinde durjakdygyna ynandyrdy. Onuň bu sözleri esasly diýlip bilindi hem ony saýry tutmak bes edildi. Dykma serdaryň sözlerine görä, rus otrýadlaryna iki sany ýomut — Musa han bilen Molladüňder ýolbeletçilik edýärmiş. Dykma serdar Musa han bilen dilleşenmiş, ol rus otrýadlarynyň planlary hakynda habar berip durjakmyş. «Kim Musa hana gabat gelse, ony atsyn, ýöne urmasyn. Molladüňder bolsa «kapyrlaryň donuna» giren adam, ol ruslara çyn ýürek bilen gulluk edýär. Her zat etmeli welin, onuň ýoguna ýanmaly» diýdi. Dykma serdaryň sözleri maglumat üçin kabul edildi. Özüniň soňky hereketleri bilen Serdar öz wadasyny pugta berjaý etdi.

Ruslar barha golaýlaşyp gelýärdi. Biziň bölek-büçek kiçijik atly toparlarymyz kem-käs iş bitirmän duranokdy, ýöne onuň duşmana ýetirip bilýän ullakan zyýany hem ýokdy. Galadan indi ýetip gelýän rus güýçleriniň öň hatarlary görnüp başlapdy. Aýgytly çaknyşyk öňdedi. Gorky-ürkimiz ýokdy, sebäbi entek köpçülik bolup, duşman bilen aýgytly çaknyşyp görmändik, şonuň üçinem hakykaty doly göz öňüne getirip bilmeýärdik.

Biz şondan ozal ruslary diňe iki gezek görüpdik. Birinji gezek Buhara emiri kömege çagyranda, müň atlynyň hatarynda Ketdegorganyň etegindäki söweşe gatnaşypdyk. Emir Muzaffar ruslar bilen ýaraşyk barada gepleşik geçirip başlandan soň biz öýümize gaýdypdyk. Ikinji gezek biz rus otrýadlary Uzyn adanyň ýanynda gury ýere düşjek bolanlarynda olaryň üstüne çozupdyk. Şonda ruslar bizden gämilerine gaçyp gutulypdylar. Halk köpçüligi ruslary entek görmändi hem olar hakda bilýän zady ýokdy. Galadaky köp adamlar: «Gylyjymyz ruslara ötermikä? Olaryň näçe kellesi barka? Her bir orsuň näçe jany barka?» diýşip, öwünjeňlik bilen gürleýärdiler. Ozal uruş gören, ruslaryň kimdigine belet adamlar öz ýoldaşlarynyň bolşuna seslerini çykarman syn edýärdiler. Diňe olaryň käbiri «Ony basym özüňiz görersiňiz. Basym görersiňiz» diýen gysgajyk jümleler bilen jogap berýärdiler.

Nurberdi hanyň uly ogly Berdimyrat han egni ýüpek donly, eli ýalaňaç gylyçly galanyň hemme ýerine, öň hatarlardaky mergenleriň arasyna aýlanyp çykdy.

— Allanyň dabaraly güni ýetip gelýär — diýip, ol aýdýardy.

— Ol güni garşylamak, öňem telim gezek toý edişimiz ýaly, toý etmek gerek. Alla bizdendir. Ýeňsek, bize uly şöhrat garaşýar, ölsek — jennet. Şatlykly ýylgyryp, ýalaw ýaly gylyjymyzy syryp, duşmanyň üstüne şir kimin topulalyň. Mert boluň. Yza çekilmek ýok, rehim-şepagatam ýok. Ölmek üçin şu günden, şu günlerden, öňdäki şol aýgytly günden gowy gün ýokdur!

Aýgytly günler golaýlaşýardy... Açyk howaly günüň ir säheri ýadyma düşýär. Aýmançalaryň birinde Gönübek bir topar aksakgallary hem dostlaryny daşyna üýşürip otyrdy. Ol öten agşam düýş görendigini gürrüň berýärdi. Düýşünde Gönübek ak çus eşejigini çapdyryp, günorta-gündogara tarap barýarmyş.

Öňünde-de bir telär garalyp görünýärmiş. Eşejik ýüzüniň ugruna şol teläriň üstünden uranmyş, ol hiç zat bolmadyk ýaly ýoluny dowam etdirenmiş, Gönübek bolsa ýykylanmyş...

Kim meniň bu düýşümi ýorup berjek? — diýip, Amangeldi göni oturanlara ýüzlendi. Hemme kişi sesini çykarman dymyp otyrdy. Onsoň Gönübek özüniň iň ýakyn dostlarynyň birine ýüzlendi hem onuň öz düýşüni ýorup bermegini haýyş etdi.

— Isleseň ýoraýaryn — diýip, dosty jogap berdi. — Ýorup bilerin...

— Gaty çynym bilen haýyş edýän — diýip, Gönübek janlandy.

— Bu gezek ruslar bizi ýeňip bilenok — diýip, dosty düýşi ýorup başlady. — Ýöne, Gönübek, sen ölýänsiň...

— Ylahy omyn! — diýip, Gönübek sakgalyny sypap oturyşyna üç gezek gaýtalady. — Sen bu düýşüň ýorgudyny bölek-bölek düşündir — diýip, ol soňra dostuna ýüzlendi.

— Ol çusja kiçijik eşeg-ä biz — diýip, dosty jogap berdi. — Sen halkyň sylagly adamy, onuň aýdymçysy, biziň durmuşymyzyň ruhy daýanjy, şonuň üçinem ol eşegi sen münüp barýarsyň. Seniň münüp barýan eşegiň üstünden uran teläri bolsa biziň üstümize gelýän hem ýolumyzda keserip duran ruslar. Eşegiň teläriň üstünden urmagy bolsa öňümizde duran aýgytly çaknyşyk. Eşegiň hiç zat bolman öz ýoluna gidibermeginden görnüşi ýaly, biz öňümizde duran päsgelçiligi ýeňip geçýäris. Seniň ýykylyp galmagyň bolsa, äşgär zat, biz soňky ýolumyzy sensiz dowam etmeli bolýas — diýip, dosty düýşüň ýorgudyny tamamlady.

— Ylahy omyn! — diýip, Gönübek ýene üç gezek gaýtalady, ýene sakgalyny sypady. 

Oturanlar düýşüň beýle ýorgudyndan nägile boldular, heý, şeýle günlerde hem şeýle zatlary aýtmak bolarmy?! Ýöne Gönübegiň özi welin bu ýorgutdan kanagatlandy.

— Şundan gowy, şundan dogry ýorgut ýok, bolubam bilmez, men başga ýorgudy islämogam — diýip, ol aýtdy.

Şondan soň üç-dört gün geçdi. Hemme zat ruslaryň bu günerte galanyň üstüne döküljekliginden habar berýärdi. Olarda öňürtmek kararyna gelindi. Daň bilen hemmämiz jem bolup hüjüme geçmegi, birden ruslar gala goragsyz tarapdan hüjüm edäýende gaýtawul berer ýaly, galada diňe az sanlyja adam galdyrmagy şertleşdik. Ir agşamdan başlap, uzak gijesi bilen taýýarlyk görüldi. Kim gylyjyny çalýardy, kim taýagyň ujuna gyrkylyk berkidip çalýardy, kim pyçagyny çalýardy, kim gyssagarada ok guýýardy, kim däri taýýarlaýardy. Daňa golaý galanyň diwarynyň daş ýüzündäki käliň içinde ýer-jaý ýokdy, nökerlerden ýaňa hyryn-dykyndy. Şertli alamata eýerip, hemme kişi «Alla!» diýip, duşmanyň üstüne topulmalydy. Hemme kişi howsala bilen garaşýardy. Säheriň sergin şemaly öwsüp başlanam bolsa, entek garaňkydy... Ahyry ýiti sykylyk ýaňlandy. «Al-la-a-a! Al-la!» diýen sesler müňlerçe gursakdan dyňzap çykdy. Gijäniň dartgynly ümsümligini ýaňlandyryp, sansyz gykylyk-galmagal uzaklara ýaýrap gitdi. Aýagy ýalaňaç, köýneginiň ýeňi, balagynyň gonjy çermelgi mähelle gara ergin bolup ruslara tarap eňip ugrady, nämälim garaňkylyga, syrly garaňkylyga siňip gitdi. Yzy üzülmän, topar-topar bolnup gygyrylýan «Al–la-a-a!» diýen zowwam sesler atyşygyň paýyrdysy bilen goşulyşyp başlady. Uzalyp gidýän duşman garymlary şol pursadyň özünde tüpeňlerden hem mitralezleriň agzyndan çykýan otdan ýaňa ýagtylyp gitdi. Başagaýlyk, başly-baratlyk bilen atýardylar. Toplar dymýardy. Nökerler gidip baryşlaryna ýykylýardylar. Kim sessiz-üýnsüz ýykylýardy, kim «oh!» diýýärdi, kim «ah!» diýýärdi, kim süýkdürip gygyrýardy, çirkin gygyryp ýykylýanlaram bardy. Daş-töwerek ýykylýan nökerden doludy. Kimiň ýykylanyny, nädip ýykylanyny, ýaralanyp ýa-da ölüp ýykylanyny seljerer ýaly däldi.



Sahypalar