گونوبک Gönübek

گونوبک Gönübek

Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi
گونوبک Gönübek

گونوبک Gönübek

Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi

GÖNÜBEK 2

Gurbanmyrat işanyň uzadan eli uzadyşyna galdy.

— Haýyş edýän, meniň hatyrama, şu märekäniň hatyrasyna eliňi uzat! — diýip, Kerimberdi işan ýalbardy.

— Men dünýede hiç bir adamyň hatyrasyna musulmanlar arasynda bigünä gan dökülmegine sebäp bolan ýaramaz adam bilen ýaraşmaryn. Işanlyg-a beýlede dursun, ol adamam däl.

Mundan soňky töwellalaram hiç peýda bermedi. Aýal-erkek tutuş ilat ruslara garşy göreşe galanda, Gönübek galany goraýjylary hemişe uly edermenlige ruhlandyrdy.

Biziň goňşy ýurtlar bilen nesilme-nesil alyp baran göreşlerimiziň arasynda ruslara garşy göreşimiz iň agyr, iň gan döküşikli, iň gaýduwsyz göreş boldy. Galanyň diwarlarynyň eteginde, içinde, guma tarap gaçylyp gidilen ýolda, gala goralanda, ýykylanda,ol alnandan soňky üç günüň dowamynda 15 müňdenem köp adam öldi. Biziň ähli emlägimiz dargady. Ýesir düşen çagaly aýallarymyzyň, ýöne çagalarymyzyň özleriniň her haýsy bir ýurtdan çykdy, ýeňijileriň, biziň başymyza düşen bet-bagtlykdan peýdalanan goňşy duşmanlarymyzyň elinden-eline geçdi. Güýçler deňär ýaly däldi. Ýeňlen adamlaryň başyna nähili günleriň düşjegi hemme kişä-de, her bir adama-da äşgärdi. 12-nji ýanwar, sowuk gyş güni biziň erkana ýaşaýşymyzyň iň soňky güni hem türkmençiligiň mazara dykylan güni boldy. Şol elhenç günden biziň tutuş köne durmuşymyzyň harabalygynda ösüp ugran täze durmuş başlandy.

«Täze», halk üçin agyzdyryk bolan durmuşyň nähili betbagtçylykdygyna göz ýetirilmegi, ýeňilmekden nähili ejir, sütem, maddy hem moral ýitgiler çekiljekdigine göz ýetirilmegi galany goraýjylara güýç-kuwwat berýärdi, olary uly gahrymançylyga, janaýamazlyga, «öz-özüni heläklemäge» ruhlandyrýardy. Elbetde, ol günleriň «öz-özüni heläklemegi» biziň günlerimizdäki «öz-özüňi heläklemek» däldi. Güýçleriň deň däldiginiň, biziň ahyr soňy hökman bagtymyzyň ýatjakdygynyň şol betbagtçylykly günden has ozal aýdyň bolandygyny aýtmak gerek. Şeýle-de bolsa galany gaýduwsyzlyk bilen goramagymyzy dowam etdirýärdik.

Iňlis wekili, olaryň adyndan gürlän adam4 ýarag kömegini berjekdiklerini wada etdi. Emma ahyryna çenli şol kömek diýilýän gelmedi. Ýowuz günler golaýlaşýardy... «Ölenler ozdurdy, olar öz işlerini bitirdiler, şonuň üçinem olar rahat, bagtyýar, basymrak ölseňdiň... Bu elhençligi... masgaraçylygy... depelenmegi görmeli bolmasady» diýen pikir beýniňe barha pugta ornaşýardy. Haýwana mahsus gorky duýgusy ýatdan çykypdy, ýigitler ýaýdanman çozuşa gidýärdiler, özem hiç zatdan heder etmän, öz wepat bolan ýoldaşlarynyň jesediniň üstünden geçip gidýärdiler. «Ýaşanyňdan öleniň ibaly» diýen pikir uludan-kiçä hemme kişiniň aňyna ornapdy.

Käbir pursatlar, käbir ýagdaýlar edil şu günki ýaly bolup hakydamda janlanýar. Ýadyma düşýär, bulutsyz, güneşli gündi. Meniň ýaram ýagşylaşýardy, ýöne entek bütinleý bitip gitmändi. Galanyň içine tüpeň oklary düşüp durdy, käte bolsa granat ýarylýardy. Çagalar ylgaşyp, ok çöpleýärdiler, olaryň atalary bolsa, elleriniň boş wagty ol oklary eredip, öz hyrlylary üçin togalak seçme guýýardylar. Bu işiň soňy käbir çagalar üçin ölüm bilen gutarýardy, şeýle-de bolsa, ok çöplemek zerurdy, çagalaryň güýji ýetýän bu iş dowam edýärdi. Ruslar galanyň diwarlaryna golaý gelipdiler. Adamlaryň bolşundan, gürrüňlerinden duşmanyň alkymlap gelmeginiň nähili howpludygy bildirip durdy. Men tümden daşaryk çykdym. Kim eli gylyçly, kim pyçakly, kim taýagyň ujuna daňlan gyrkylykly, galanyň diwaryna tarap barýardy, kimler ylgaýardy. Tüpeňi, pistoleti bar adamlaryň bary eýýäm şol ýerdedi hem duşmana ok ýagdyrýardy. Men duşumdan geçýän adamlaryň her birini oňat dilegler bilen ugradýardym, olaryň tutuk ýüzlerine syn edýärdim.

Segsen ädim takmyn öň ýanymdan bir garry aýal maňa tarap gelýärdi. Ol ýaňy tamdyrdan çykan çörekli kerseni ýanbaşyna göterip gelýärdi. Ol töwerekde bolup geçýän wakalara da,

oklaryň juwwuldysyna-da başynam galdyranokdy. Men gapdalymdan ylgaşyp barýan adamlary ýagşy dileg bilen ugradyp durşuma bar zady unudypdym. Men ýene eli çörekli gelýän garry aýala tarap seredemde, onuň ölüp ýatandygyny gördüm.

Ol gyzgyn gan daman üýşmek çöregi göwresi bilen ýarym ýapyp ýatyrdy. Onuň duşundan ylgaşyp geçip barýan adamlar ýatan jesediň ýanynda saklanýardylar. Çommalyp oturýardylar-da, gana boýalan çörekden bir bölejik döwüp alýardylar, ony agyzlaryna atyp:

— Hudaý jan, bize-de şunuň ýaly aňsat ölüm ber-dä! — diýşip, öz ýollaryna gidýärdiler.

Başy dik gaýdyp gelenler gaty az boldy, köpüsi ýaralanypdy,maýyp bolupdy. Gidenleriň bir bölegi bolsa baky rahatlyk tapdy, näme bolarka, nähili masgaraçylygyň üstünden barlarka diýen ejirli garaşmadan dyndy. Kä o ýerde, kä bu ýerde mergenleriň yzyndan suw eltip berýän ýa-da getirilen maslyklaryň arasyndan öz hossarlarynyň jesedini gözläp ýören aýallar görünýärdi.

Şol günlerde Gara batyr — haýsy tiredendigini, haýsy urugdandygyny bilemok, — duşman okundan heläk boldy. Onuň nähili heläk bolanyny özüm görmedim, ýöne gözi bilen gören adamlardan eşitdim.

Uzakdan ruslaryň garymlary hatara uzalyp gidýärmiş. Olardan sag gapdalrakda atly kazaklar topar tutup durmuş. Käte-käte atyşyk sesi eşidilýärmiş. Duşmanyň okuna juda seýrek jogap berýän galany goraýjylar öz aralarynda ruslaryň nähili hereket etjekdigi barada pikir alşypdyrlar. Geçen gijeki çozuşyň şowly bolandygy hakda, alnan olja hakda gürrüň edipdirler. Gije çuw ýalaňaç bolup duşmanyň arasyna aralaşan, garawulyň ýanyna duýdansyz baryp, gylyç bilen ony çapan hem berdankasyny olja alyp, sag-aman dolanyp gelen birini ýatlapdyrlar. Başgada şonuň ýaly üç sany adamyň gije duşmanyň garymlarynyň daşyndan aýlanyp, olaryň ýeňsesinden gelip, uklap ýatan iki sany ofiseri hem üç sany soldaty öldürendikleri hakda gürrüň edipdirler. Olar iki sany rewolwer, üç sany tüpeň we öldürilen adamlaryň ädiklerini olja alyp, sag-aman dolanyp gelipdirler. Öldürilenleriň ikisiniň ofiserdigini rewolwerlerden hem olary öldüren ýerlerindäki çadyrdan bilipdirler. Munuň ýaly şowlulyk bagtyň getirdigi hasap edilýärdi, ozaly bilenem edermen ýigitleriň batyrlygynyň netijesi hasap edilýärdi. Şonda Diňlidepäniň edil alkymynda bir tümüň üstüne granat düşüp, dört adamy öldürendigini hem ýatlapdyrlar.

— Ajal kastyňa çyksa, nirede bolsaňam tapar. Ajalyň ýetmese,her ýerde bolsaňam, her hili ýagdaýa düşseňem aman galarsyň

— diýip, goja mergenleriň biri aýdypdyr.

— Hudaý öz amanadyny diňe gerek wagty alar, bu diňe onuň islegine baglydyr — diýip, ol sözüniň ahyrynda aýdypdyr.

— Eger men onuň amanadyny eltip öňünde goýsam, ol almazmy? — diýip, Gara batyr sorapdyr.

— Beýdip bilmersiň — diýip, mergen jogap beripdir.

— Bu adamyň elindäki zat däldir.

— Ine şu gün, hut häziriň özünde men oňa amanadyny gowşuraryn. Ol islese-de bererin, islemese-de.

Gara batyr şeýle diýipdir-de, gala tarap gidipdir, sähel salymdanam atyna atlanyp gelipdir. Elindäki naýzasyny hem ýapyrybrak tutupdyr. Ol galanyň günorta derwezesinden geçip, onuň diwarynyň etegini syryp, oturan hem gyşaryp ýatan ýoldaşlarynyň ýanyna barypdyr. Olara:

— Görüň, men häzir hudaýa amanadyny tabşyrmaga gidýärin. Islese-de bererin, islemese-de — diýipdir.

Onuň aýagynyň astynda ajaýyp dor aty bar eken. Ol eýeretarap ýapyrylypdyr-da, atly kazaklara tarap ok ýaly atylypdyr. Yzynda galanlar oňa bilesigelijilik bilen syn edipdirler. Ruslaryň garymlaryndan ok atylmasy artypdyr. Kazaklar şol öňküsi ýaly topar tutup durmuşlar. Gara batyr olaryň ýanyna ýüzin salyp barypdyr-da, şobada ikisini atdan agdarypdyr. Uzakdan Gara batyryň hemme hereketini aç-açan synlamak mümkin bolmandyr, ýöne duşmanyň başyna düşen başagaýlyk gaty uly bolupdyr. Birnäçe kazak atdan agypdyr, birnäçesi bolsa atyny ýüzin saldyryp gaçyp sypypdyr.

Gara batyr gala tarap yzyna dolanypdyr. Ona tarap ok ýagdyrypdyrlar. Ol atyny peýwagtyna öňürdigine goýberip, galanyň diwaryna, gürrüňleşip bolar ýaly aralyga gelipdir. Şol ýerde hem ol atyndan agyp gaýdypdyr. Duşman oky degen pursadynda onuň ömür tanapyny şarta ýolupdyr.

Gara batyryň edermenligine haýran galyp duran ýoldaşlarynyň bar keýpi gaçypdyr, olar Gara batyryň jesedini ýygnamagyň ugruna çykypdyrlar.

Ol öz sözünde durdy, şehit boldy — diýip, ony göterip gelýänleriň biri aýdypdyr.

Ajal onuň yzyndan ýetdi — diýip, Gara batyryň jesedini getirmäge kömekleşip, onuň atyny iýdip gelýän goja mergen aýdypdyr.

Hasrat uzaga çekmändir, şo demde gamgynlyk adamlaryň ýüzünden syrylypdyr. Sebäbi Gara batyr ençeme agyr günleriň hem gijeleriň azabyndan dyndy ahyry! Şunuň ýaly, şuňa meňzeş edermenlikler — öz-özüňi heläklemek gaty köp bolupdy.

Kepeläniň köri ady bilen meşhur iki gözi hem kör bagşy galanyň ýykylan güni gykylyk-galmagalyň gelýän tarapyna ylgapdyr. Ýöne ol betbagt görgüli özüniň gaçjak bolşundan peýda ýokdugyna derrew göz ýetiripdir. Ol ölenleriň jesedine, ýaralylaryň göwresine, çukurdyr tümmege büdräp, iki ädiminiň birinde ýykylypdyr.

— Il-gün, ýurt hakdaky iň soňky aýdymymy aýdaýyn — diýipdir-de, ol oturyp, dutaryny gabyndan çykarypdyr, sesiniň ýetdiginden aýdyma gygyrypdyr. Emma ajal oky onuň aýdymyny ortarasyndan ýolupdyr. Gulagyňy gapyp gelýän top-tüpeň sesiniň, dumly-duşy gaplap alan ýangynyň, elhenç zenzeläniň, aýallaryň hem çagalaryň agy-nalasynyň, güpür-tapyryň arasynda Kör bagşynyň aýdymy erkana, kakabaş türkmençiligiň soňunyň gelendigi hakdaky endamyňy tikeneklediji pygan bolup ýaňlanypdyr.

Şol wagtky ýagdaýyň çykgynsyzlygy, muňa hemme kişiniňem gözüniň ýetikligi hakda Guba şahyr diýen biri hem aýdypdyr.

Amangeldi göni hemme wagt, hemme ýerde häzirdi.

Ruslar ilkinji gezek çozanlarynda, gala entek gurlup gutarylmandy. Ähli maşgalalar öýlerde, çatmalarda, tümlerde galanyň içinde ýaşaýardylar. Ruslaryň hüjümleri galanyň diwarynyň daş ýüzünde yzyna serpikdirilýärdi. Gijelerine duşmanyň üstüne nobatma-nobat hüjüm edilişi ýaly, gijelerine galanyň daşyna hem nobatma-nobat güýçli garawul goýulýardy. Galada aksakgallar bir onuňka, bir munuňka ýygnanyşyp, bilelikde nähili zerur çäreleri geçirmelidigi barada maslahat edýärdiler. Başga çäreler bilen bir hatarda, biziň Garrygalanyň ýanynda parslardan basyp alan ýalňyz topumyzy Änewden Gökdepä geçirmeli edildi. Änew hemişe biziň gowşak ýerimiz hasap edilýärdi. Biz golaýda parslary ol ýerden kowup çykarypdyk. Ol ýerden kowlan ilat öz hanlaryndan jeza beriji ekspedisiýa döretmegi hem Änewi ýene-de basyp almagy köp gezek haýyş edipdi. Biz ýekeje topumyzy howp abananda, golaýdaky obalary habardar etmek üçin şol ýerde goýupdyk. Top sesi çykan badyna, her kim hiç zada garaşman, ýarag şaýyny tutup, Änewe kömege ýetişmelidi, golaýdaky beýleki obalara hem çapar ibermelidi. Biz Änewi alanymyzdan soň, ikinji ýyl bir gezek şunuň ýaly duýduryş berenimizde, ol ýere sekiz müňe golaý atly ýygnanypdy. Ine şol topy hem Gökdepä getirmeli edildi. Mundan başga-da däriniň bahasyny gymmatlatmagy, artykmaç ýarag saklamagy gadagan etmek karar edildi. Abdylla ussa topa ok guýar ýaly, döwük kündükleri hem gazanlary hökmany suratda oňa tabşyrmaly edildi. Ýene-de watana wepalylyk barada, ony «kapyr» ruslardan gaýduwsyz goramak barada ählihalk kasamyny kabul etmeklik karar edildi. Buharadan, Hywadan biziň bolşumyzy makullaýan habarlar gelýärdi.

Uruş hereketlerine başlanmazynyň öň ýanynda geçirilen ullakan maslahatda Hanmämmet atalyk (syçmaz) bilen Orazmämmet han (beg) uruşmaga garşy gürlediler, öz pikirlerini güýçleriň deň däldigi bilen, türkmenleriň ýaragynyň ýokdugy bilen, güýçleriň hem serişdeleriň gatnaşygy şeýlekä hökman agyr netijeleriň üstünden baryljakdygy bilen esaslandyrdylar. Olar özlerine gepleşik geçirmäge ygtyýar berilmegini teklip etdiler, ilata bolsa, maşgalalaryny guma göçürip, şol ýerde gepleşikleriň netijesine garaşmagy maslahat berdiler. Gepleşikler başa barmasa, urşy kiçijik toparlara bölünip alyp barmaly diýdiler. Olaryň pikiriçe, gala salyp oturmagyňam geregi ýok eken. Olar galanyň salynmagy hem ilatyň bir ýere ýygnalmagy basybalyjylaryň işini aňsatlaşdyrar diýdiler. Özlerine ygtyýarly kyrk adamyň berilmegini haýyş etdiler.

Maslahata ýygnananlaryň aglaba köpüsi olaryň pikirine garşy boldy. Olar ruslar yslamyň müdimilik duşmany, olar bilen bile ýaşaşmak mümkin däl, ýurdumyzy tükeniksiz gandöküşiklik bilen juda gymmat satyn aldyk, biziň daş-töweregimiz aç-açan hem gizlin duşmanlardan doly, bu ýerden gidere başga ýer ýok diýdiler. Biz öz ýurdumyzda otyrys, ruslara azar beremzok, olar bilen şärik zadymyz ýok, olara bizden näme gerekmiş? Onsoňam dünýäde Russiýadan başga Angliýa, Türkiýe, Fransiýa, Hytaý ýaly döwletlerem bar ahyry, olar ruslara edenini edip ýörmäge ýol bermezler. Biz gala gurup, ähli garyndaşlarymyza hem goňşularymyza kömek sorap ýüz tutmaly. Biz galanyň içinde öz ýurdumyzy gorap, öz maşgalamyzy gorap, tä iň soňkymyza çenli ölmeli, ýöne özümize agyzdyryk saldyrmaly däl. Biziňtopragymyz goralmagyna hem pida çekilmegine haklydyr. Ähli gorkaklar, ikirjiňlenýän nalajedeýinler, ylalaşyjylar, urşa, goranmaga garşy çykýanlar halka, ýurda hem musulmançylyk işine dönüklik edýän adamlardyr. Iň soňunda hem biz türkmenler duşmandan gaçyp gidiberer ýaly Buharanyň, Hywanyň gorkak nökerleri däl ahyry.



Sahypalar

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد