گونوبک Gönübek

گونوبک Gönübek

Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi
گونوبک Gönübek

گونوبک Gönübek

Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi

GÖNÜBEK 1

GÖNÜBEK

Seýitmyrat Öwezbaýew


Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi

Seniň taryhyň...


Türkmen Sähra  Kitaphanasy blog-a  geçirildi.

Doktor Wahab Hajisardaryň gözegçiligi astynda.


Aşgabat - 1991


«Turkmenowedeniýe» žurnalynyň 1927-nji ýyldaky birinji

sanyndan terjime edildi.


Terjime eden Nargylyç Hojageldiýew.


1991-nji ýylda «Altyn guşak» Turkmenistan filialynyň Aşgabat

bölümi tarapyndan çap edildi.


PDF-a geçirildi: 15. Maý 2020 «Enedilim. com» sahypasynyň kitaphanasy



Redaksiýadan

Şu makalany ýerleşdirmek bilen, bir zady öňünden aýdyp goýmagy borjumyz hasaplaýarys: 1880 — 1881-nji ýyllaryň gan döküşikli günlerini ýadyndan çykarmadyk türkmeniň beren gürrüňleriniň, onuň hut özüniň başyndan geçiren duýgularynyň täsirini ýitirmezligi üçin, daşyndan göräýmäge yzygiderlilik saklanmaýan ýalydygyna, beýan edilýän wakalaryň hronologiýa doly laýyk gelmeýändigine, tekeleriň çozuşlaryna artygrak orun berilýändigine garamazdan, bu zatlaryň hemmesi el degrilmän galdyryldy.

S. Öwezbaýew türkmen halkynyň arasynda aýdylyp ýören rowaýatlaryň, ýatlamalaryň, hekaýatlaryň hem tymsallaryň giden bir tapgyryny yzygiderli ýazga geçirmeklige girişdi, bu gürrüň hem şol tapgyrdan kiçijik bir parçadyr. Bu gürrüň patyşa imperializminiň ýowuz güýji bilen mynjyradylan erkana türkmen durmuşynyň iň soňky hasratly günlerini obrazlaýyn beýan edýär. Bu ýerde öz häkimligi sebäpli ynjalykdan gaçan britan şiriniň hem kölegesi görünýär.


* * *


Aman aga, Amangeldi göni, Gönübek «türkmençilik» zamanasynyň ýeke-täk hem iň gowy nusgasydy. Ol syçmaz tiresiniň arap urugyndandy. Nurberdi hanyň birinji geňeşdary hem sag goludy.Onuň pikiri, onuň sözi halkyň, tutuş şo döwür jemgyýetiniň pikiri, sözi hasaplanýardy. Ol gatnaşmasa, ýekeje-de uly maslahat geçirilmezdi. Ol taýsyz sazandady, türkmen sazynyň atasydy,onuň ýaly saz çalyp bilýän adam häzirem ýokdur. Ol ölemen çilimkeşdi. Ol Nurberdi hanyň baştutanlygynda birnäçe atly-abraýly gojalary ýanyna alyp, Ahalyň o çetinden o çetine aýlanardy, olar her obada diýen ýaly düşlärdiler, obalar arasyndaky oňşuksyzlygyň anygyna ýeterdiler, gan duşmanlary ýaraşdyrardylar,dürli jemgyýetçilik hem syýasy wakalar babatda halk köpçüliginiň pikirini bilerdiler. Şahsy durmuşynda Gönübek kiçigöwünli,pukara adamdy. Sypaýylygy,alçaklygy, hemme kişä deň gözde garaýanlygy üçin ony hemme kişi sylardy, hormatlardy. Onuň öýi hemişe märekeden doludyr. Ýakyn hem alys obalardan gelen dost-ýarlary onuň öýünde ençeme günläp ýaşardylar. Onuň öýünde üýtgeşik bir dessur saklanardy. Ilden ilki uklan ýa-da ajygan adam masgaraçylyga galan hasaplanardy.Elbetde, onuň öýünde-de uklanardam, iýlibem-içilerdi. Bu ýerde gep başga zatdady. Hemme kişi bir wagtda ýatmalydy, hemme kişi bir wagtda iýip-içmelidi. Dürli ýerlerden gelen adamlar ýurt gürrüňini ederdiler, öz gün-güzeranlary barada derdinişerdiler.

Gönübek ýaşlygynda Eýrana gidip, ogurlyk edendigini gürrüň bererdi. Bir gezek ol ýene-de şol ogurlyk maksady bilen ilerki daglardan sag-aman aşypdyr welin, kellesine şeýle bir pikir gelipdir: «Birden ýaralanaýsam, elim maýyp bolaýsa näderin? Birden galan ömrümde bar güýmenjäm, ýalňyz syrdaşym dutar çalmakdan mahrum bolaýsam näderin?» Ol bu sowallara jogap tapyp bilmän, ogurlygy taşlamagy ýüregine düwüpdir, orta ýoldan yzyna dolanypdyr hem bu pişäni ömürlik taşlapdyr.

Durmuş ýoluna ogurlykdan başlan Göni soňra päk ýürekli ömür sürdi, ömrüni dogry ýolda ahyrlady, Gökdepäni goran köp adamlaryň hatarynda gahrymanlyk bilen şehit boldy.

Myhmanlar hem gelip-gidýänler üçin ot-iým, un, huruşlyk goýun gerek bolanda, Gönübek ilkinji gabat gelen adamy islen dik barjamly adamlaryň üstüne ibererdi, zerur zatlaryň hemmesi edil onuň öz ambaryndan ýa-da sürüsinden getirilýän dek, şol demde taýyn bolardy. Onuň haýyşyny ret etmelidir ýa-da ondan hak-heşdek soramalydyr diýen pikir hiç kimiň kellesine-de gelmezdi, bu zatlaryň hemmesi nähilidir tebigy hem bütinleý kadaly ýagdaý hasaplanardy, Gönübek üçin zerur zatlaryň baryny ýüzüniň ugruna berer goýbererdiler. Onuň köp dost -ýarlary, sarpasyny saklaýan adamlary özlerinden bilibem ähli gerek zatlary getirer durardylar.

Bu adamy hemme kişi sylaýardy, hormatlaýardy, sarpasyny saklaýardy, ol ähli halk geňeşleriniň, maslahatlarynyň hemmeler tarapyndan ykrar edilen baştutanydy, halkyň begenen ýerinde begenýän, gynanan ýerinde gynanýan, il-günüň ruhy daýanjy bolan bu adam şeýle ýaşapdy, şeýle ömür sürüpdi. Ine onuň nähili lebzine berk adamdygyny görkezýän käbir gylyklary hakda gürrüň bereýin. Biz birnäçe ýüz adam bolup, Kerimberdi işan, Nurberdi han hem şol döwrüň birnäçe atly-abraýly adamlary bilen bile Gäwers obasyna ýygnandyk. Parslar şol ýere çozmaga taýýarlanýarmyş diýen gürrüň bardy, Näzdepede bolan wakanyň gaýtalanmazlygy üçinem şol ýere üýşüpdik. Bu ýere ýygnanan adamlaryň hemmesi toparlara bölünişip, oba adamlarynyň öýlerinde ýaşaýardy. Ýörite meýdança arassalanyp, Kerimberdi işan, Nurberdi han dagy köpsanly namaz okaýan adamlar bilen bile şol ýere üýşýärdiler hem namaz okaýardylar. Namaz okaýan märeke namaz wagty gaty ümsüm bolsa-da, namaz okap bolanlaryndan soň, meýdançany şowhunly gohgalmagaldan doldurýardy ýa-da edep saklap, ak-sakgallaryň gürrüňini diňleýärdi. Kerimberdi işanyň Mekgä zyýarata gidendigini, ol ýerden alty aýdan soň dolanyp gelendigini aýtmak gerek. Işan hökmünde-de, haja gidip gelen adam hökmünde-de,umuman takwa adam hökmünde-de ony gaty hormatlaýardylar hem sylaýardylar.

Biz ikindi namazyny okap bolup, ýerli-ýerimizden butnaman, ýazylyp-ýaýrap agşam namazyna garaşyp otyrdyk. Men öň hatarda Gönüden çepräkde otyrdym. Kerimberdi işan ondanmundan gürrüň edip oturyşyna, Gönübegiň hemme taraplaýyn bir kössüz adamdygyny, ýöne onuň ýekeje kemçiliginiň bardygyny — ölemen çilimkeşdigini, eger şojagaz kemçiligi hem bolmasa,ony perişde hasap edäýmelidigini, ony bu ýaramaz endiginden el çekmäge yryp bilse, muny özüniň uly iş bitirdigi hasap etjekdigini, bu sogap işi ak pata bilen berkitjekdigini aýtdy. Onuň bu sözleri oturan adamlaryň barynyň ünsüni çekdi. Şol wagt Nurberdi han özüniň adaty batly sesi bilen şeýle jogap berdi:

— Tagsyr, siz haýyş etseňiz, Gönübek çilimini goýar. Bizem siziň haýyşyňyza goşulýarys. Pataňyzy beriberiň, tagsyr! Ilat, eliňizi göteriň!

Işan bilen hanyň baştutanlygynda, oturanlaryň bary elini ýüzüne ýetirdi. Diňe Göni ýüzüni ak-tam edip, elini götermän, sarsman otyrdy.

— Eliňi göter, hajy işanyň patasyny kabul et! — diýşip, dürli tarapdan seslendiler.

— Eliňi göter! — diýip, han batly gygyrdy. Göni sarsman otyrdy.

— Razy bolaý! — diýip, işan ýalbaryjy ses bilen aýtdy.Ýöne hiç zat peýda etmedi. Oturan adamlary bu oňaýsyz

ýagdaýdan Muham diýen biri halas etdi. Ol birneme öňräge süýşdi-de:

— Işan aga, şol pataňyzy maňa beräýiň! Ine men çilimimi goýýaryn! — diýdi.

Şeýdip, işanyň hem bu ýere üýşen mähelläniň patasy Muhama berildi, şunuň bilenem bu gelşiksiz ahwalat tamam boldy.Işan bilen hanyň at-abraýy-da, bu ýere üýşen uly mähelle-de Gönini ýan bermäge mejbur edip bilmedi. Ertesi ol öz bolşunyň sebäbini düşündirip şeýle diýdi:

— Men çilim çekmämi goýup biljek däl... Eger goýup bilsedim, onda ilki bilen özüm üçin goýardym. Çilimi goýmaga razylyk berip, pata alyp, aradan sähel wagt geçmänkä hem ähdimi bozmak meniň başarjak zadym däl. Ýagdaý nähili agyr hem ýakymsyz bolsa-da, men etmejek zadyma dil ujundan söz bermekden ýüz dönderdim. Nurberdi hanyň bolşy degnama mazaly degenem bolsa, men oňa gahar edip biljek däl.

Gurbanmyrat işan bilen arasyna jetlik düşenden soňam ol öz diýeninde gaty berk durdy. Gurbanmyrat işan Nurberdi han Mara gidende, onuň ýerine Ahala han bolmaga synandy. Ol hakykatdanam han diýlip yglan edildi, oňa Soltan Sanjar mazy  diýlip at berildi. Bu işiň soňy Tilki hem Ganjyk obalarynyň arasynda gan dökülmegi bilen gutardy. Gurbanmyrat işan han bolmak synanyşygy şowsuz gutarandan soň, il gözünden düşendigini bildi hem şol Kerimberdi işandan özüni Gönübek bilen ýaraşdyrmagy haýyş etdi.

Gönübek tutuş märekäniň arasynda, Gurbanmyrat işanyň özi hem barka:

— Men Gurbanmyrat işana elimi bermen, bu dünýede-de, o dünýede-de onuň ýüzünem göresim gelenok. Bar töwellaňyz biderek — diýip, aç-açan aýtdy.



Sahypalar


نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد