گونوبک Gönübek

گونوبک Gönübek

Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi
گونوبک Gönübek

گونوبک Gönübek

Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi

GÖNÜBEK 5

Giden meýdan dürli ýagdaýda ýatan maslykdan doludy, aňyrrakda rus hem türkmen maslyklary garym-gatym ýatyrdy, galanyň diwarlaryna golaýlaşdygyça, diňe türkmenleriň maslyklary ýatyrdy. Gala gaty golaý galypdy. Ruslar biziňkiler bilen bile gala kürsäp uraýjak ýalydy. Galanyň içindäki başagaýlyk gaty uludy. «Näme üçin siz bizi bu ýere ýygnadyňyz?», «Näme üçin kelläňize telpek geýip, sakgalyňyzy ösdürip ýörsüňiz?», «Namartlar!» diýip, üýtgeşik howsala düşen aýallar gygyryşýardylar. Käbirleri bolsa başlaryndan sypyryp alan gyňaçlaryny galgadyp, «Biziň arkamyzda gizleniň!» diýip gygyrýardy. Köp aýallar gaçyp gelýänleriň öňünden çykmak üçin ylgadylar.

Ahyrky pursat golaýlap gelýärdi. Galada gaçyp gelýänleriň öň hatary öň bu ýerde duran adamlar bilen gatyşdy. Adamlar uly basga düşüpdiler. Gykylyk, agy-nala, aljyraňly urunma, çagalaryň agysy... «Ýör, ýör! Alla, haýda, durma... Alla-a-a» diýen sesler eşidilýärdi. Gykylyk-galmagal artdy, birdenem garaşylman durka märeke özleriniňkiniň hem ruslaryň öňünden ylgady. Öňe hem-yza ylgaýanlaryň tolkuny sepleşdi, türkmenleriň mähellesi artdy. Sähel pursat ýaýdanyp aýak çekdiler... Aýallar ýaglyklaryny galgadyp gygyryşýardylar... «Al-la-a!.. Ura–a-a! Al-la-a!»... Ýene-de bar märeke ruslaryň üstüne eňdi. Zor salnyşy şeýle bir güýçlüdi, öňe eňenleriň sany şeýle bir köpdi, ruslar agyr märekäniň arasyna çümüp gitdi. Olaryň köpüsi çapylyp taşlandy, sähel bölegi yzyna gaçdy. Indi ters ugra ylgaýardylar, ylgaýanlaryň tertibem öňkiniň tersinedi, — öňden ruslar, yzdan türkmenler barýardylar. Gaçyp barýan ruslaryň sany artýardy, sebäbi olara kömege gelýän täze güýçlerem goşulyşyp yzyna gaçýardy. «Alla!» diýen sesler güýçli ýaňlanýardy, «Ura!» sesleri ysgynsyz eşidilýärdi. Sähel salymdan soň bolsa «Ura!» sesleriniň eşidilişi düýbünden kesildi. Türkmenleriň maslygynyň, ruslaryň hem türkmenleriň maslygynyň, diňe ruslaryň maslygynyň üstünden geçip, agyr mähelle öňe süýşüp barýardy, birileri kowýardylar, beýlekileri janyny halas etmek üçin gaçýardylar. Toplardan ok atylmasy kesildi. Onda-munda ruslary kowup barýan atly toparlarymyz görnüp başlady. Kazaklaryň olaryň öňünde durjak bolmak synanyşygy netijesiz boldy. Ruslaryň hatarlary çagşap başlady. Biziň ýeňşimiz äşgär görnüp durdy. Ruslaryň maslyklarynyň sany barha artýardy. Gaçyp barýanlaryň söbügini sydyrdyp, baryny gyryp gutarmagam mümkindi. Alysdaky artilleriýa pozisiýasyny taşlap gitmek bilendi. Ruslar galanja güýçlerinden mergenleriň hataryny düzüp, daýanç edinmekçi boldular. Biziňkileriň bir topary ruslaryň taşlap giden ýaraglaryny, okly peşeňlerini ýygnap, yza galdy.

Gün ýaşara golaýlap barýardy. Adamlar halys tapdan düşüpdiler. Kowup barýanlaryň sany ilki birnäçe ýüze, soňra birnäçe onluga çenli azaldy. Garaňky düşüp başlady. Kowgy bes edildi. Atyşyk sesi düýbünden eşidilmeýärdi. Alagaraňkyda üýşüşip oturan adamlar, yzyna ýöreşip gelýänler, meýdanda alakjap, rus maslyklaryny sermeşdirip ýörenler görünýärdi. Kä ondan, kä mundan ýaralylaryň iňňildisi eşidilýärdi. Meýdanda ýakyn adamlarynyň jesedini gözläp ýören aýallaram peýda boldy, olar diri galanlara gözüň aýdyň diýýärdiler. Adamlar biri-birleriniň atlaryny tutup gygyryşýardylar, diri galanlary tükelleýärdiler. Ölenleriň jesedini, ýaralylary göterip, topar tutup gala tarap barýan adamlaryň sudury garalyp görünýärdi. Meýdanyň içindäki hereket uzakly gije hem kesilmedi. Söweşe gatnaşanlar gala dolanyp gelýärdiler, aýallardyr jesetleri hem ýaralylary ýygnamak üçin bellenen adamlar bolsa galadan çykyşyp barýardylar. Ertire çenli çukura zada gaçyp ýa-da ruslaryň jesetleriniň astyna düşüp galan birlän-ikilän adam bolaýmasa, meýdanda biziňkileriň ýygnalmadyk jesedi galmandy. Öldürilen soldatlar bolsa bütin töwerekde serlişip ýatyrdy.

Gijäni garaşyp geçirdik. Diňe ertir ir bilen ruslaryň galanja güýçlerini alyp gidendikleri hakdaky habary eşidenimizden soň ýeňendigimize çynymyz bilen begendik. Birek-biregi gutlamak, çäksiz begenç, çekilen köp pidalaryň yzasy — hemme zat garym-gatymdy, galany goraýjylar şeýle alasarmyk hem çapraz duýgulary başdan geçirýärdiler. Atlylar ir bilen topar tutup, yza çekilýän ruslaryň yzyndan olja üçin ugradylar. Hut şol günüň özünde ýene-de şol Musa handan täze habar alyndy. Ruslar bütinleý gitmegi ýüreklerine düwüpdirler. Bu habary eşidenlerinden soň, atlylaryň täze toparlary gaýdyp barýan ruslaryň yzyndan gitdiler. Ygtyýar olaryň özündedi, näme etseler edibermelidiler, ýöne ruslara zeper ýetirseler bolýardy.

Soň diri galanlaryň gürrüňlerinden mälim bolşuna görä, Gönübek ýaragsyz eken, özem mergenlere kömek bermäge topulan ilkinji toparyň arasynda eken. Şol wagt hem ýagdaý bütinleý özgerýär. Ruslaryň güýjüniň agdyklygy äşgär bolýar. Türkmenler yza gaçyp başlanlarynda Gönübek olary mertlige, gaýduwsyzlyga çagyrypdyr. Ýöne onuň töwellasy, ýalbar-ýakary netije bermändir. Gönübek:

— Duşmanyň gala girenini hem haram eli bilen biziň maşgalalarymyza batyranyny bir görmäýin! — diýipdir-de, aýak çekipdir, teýim edipdir, dyzyna çöküp, kyblasyny garap oturyşyna kelemesini öwrüpdir. Biz derbi-dagyn edilen ruslary kowup barýarkak, onuň jesedi şol oturan ýerinde, şol maňlaýyny ýere degrip ýatyşyna ýatan eken. Görgüli gürrüňsiz biziň işimiz gaýtdy hasap edipdir, şonuň üçinem iň soňky aýylganç çözgüdi, ruslaryň gala girenini görmek islemändir. Ony şol ýatan ýerinde jaýlamak kararyna gelindi, şeýle-de edildi. Şeýdip, onuň gören düýşi, onuň ýorgudy oraşan bolup çykdy.

Şehit bolanlaryňam, ýaralananlaryňam sany biçak kändi. Ýeňiş bize juda gymmat düşdi. Ölenleriň arasynda Berdimyrat han (Dislidepäniň ýapgydynda jaýlandy), Dykma serdaryň ogly Hanberdi serdar bardy. Şehit bolanlaryň hemmesiniň adyny ýekeme-ýeke sanap çykmak mümkin däl, olaryň hemmesi watany, dini hem maşgalasyny gorap wepat boldy.

Gönübegiň ölümi onuň nähili adamlygynyň, türkmençilige nähili ynanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Onuň ölümi hem gazanan ýeňşimiz bilen biz täze ýola gadam basdyk, şol gün biziň erkana hem öz-özümizden göwnümiz hoş durmuşymyzyň iň soňky güni boldy. Ondan soň tragiki täze durmuş başlandy.

Şondan soň ikinji, üçünji gün duşmany ahyryna çenli mynjyratmak üçin agyr atly goşun ibermek kararyna gelindi. Kiçijik atly toparlar ruslaryň transportundan käbir zatlary basyp almagy başarypdylar, kazaklar bilen ownuk çaknyşyklara giripdiler, ýitgi çekselerem, ruslara ujypsyzja zeper ýetirip bilipdiler. Ruslar galan güýçlerini tertibe salypdylar, şeýle ýagdaýda hem iňňän seresaplylyk bilen yza çekilmeklerini dowam etdirýärdiler.

Müň ýaryma golaý atly ruslaryň yzyndan kowgy gitdi. Bu güýçlere hem ruslara ullakan zarba urmak başartmandy, diňe kerwenleri talamak, üzülip galan kiçijik kazak toparlaryny ýok etmek bilen çäklenipdiler. Ruslary gözünden ýitirmän, olara uly wehim salyp, bu atly otrýad olary Gyzylarbada çenli «ugratdy». Ruslar ondan aňyrlygyna gitdiler. Mundan aňryk olaryň yzyna düşmek bes edildi. Käbir batyr ýigitler kiçijik toparlar bolup, ondanam aňryk gitdiler.

Gyzylarbadyň golaýynda kazaklar bilen bolan bir çaknyşykda birnäçe kazak bilen birlikde olaryň ýolbeledi türkmen Molladüňder hem ýesir düşüpdir. Kazaklary şol ýeriň özünde öldüripdirler, Düňderi bolsa Gyzylarbada alyp gelipdirler. Onuň kimdigini tananlaryndan soň, onuň üçin «dowzahy şu dünýede ýasamaly» edipdirler. Ullakan tamdyrda ot ýakypdyrlar-da, Molladüňderi baş-aşaklygyna oduň içine taşlapdyrlar. Şeýdip diňe dönüklik eden, ruslara satylan hem özüniňkileri ruslara satan haýyny oda ýakypdyrlar.

Otrýadlar gala dolanyp geldiler. Galanyň diwarlarynyň beýikligini hem galyňlygyny doly gurup gutarmaklyk karar edildi. Gum içinden täze maşgalalar göçüp gelip başlady. aralylaryň gutulany gutuldy, öleni öldi.

Marydan Nurberdi han gaýdyp geldi. Ol biziň urşumyzyň bütin dowamynda syrkaw ýatypdy. Nurberdi han Berdimyrat hanyň wepat bolanlygyna gaty begenýänligini mälim etdi.

— Ähli adamlar üçin şeýle agyr günde men pida çekmedik bolsam, bu meniň üçin ullakan masgaraçylyk bolardy — diýdi.

— Gönübegiň ölümi maňa has agyr degdi. Bu biziň üçin orny dolmajak ýitgidir. Başga Gönübek dünýä inmez.

Diňe gazanylan ýeňşiň iňňän möhümligine akyl ýetirilmegi çekilen uly ýitgileriň yzasyny az-kem gowşadýardy. Han tutuş gala aýlanyp çykdy, galany goraýjylaryň hemmesiniň ýanyna bardy, diri galanlary ýeňiş bilen gutlady, ölenleriň jaýynyň jennet bolmagyny arzuw etdi.

Nurberdi han az sanly aksakgallaryň gizlin maslahatynda mundan beýläk näme etmelidigi hakdaky meseläni gozgady. Garşylyk görkezmegiň kynlygy, çekilen ýitgileriň möçberiniň ummasyzdygy aýan boldy. Orazmämmet han bilen Atalyk parahatçylykly gepleşiklere girişmek hakdaky öňki pikirlerini gaýtaladylar. Göreşi dowam etdirmegiň tarapdarlary hem boldy. Halk köpçüliginiň arasynda hiç hili gürrüň geçirmän, bir howa garaşmak kararyna gelindi. Ruslar gidip, dolanyp gelmeseler, onda ýagdaý öňküligine galýar, eger ruslar täze güýç toplap gaýdyp geläýselerem, «halkyň arkasyndan» olar bilen gepleşiklere başlamaly, göreş ýagdaýynda iň gowy şertleri goýmagy gazanjak bolmaly diýdiler. Hiç hili birtaraplaýyn gepleşikleri geçirmeli däl edildi. Halkyň söweş ruhuny goldamaly, gepleşikleri Nurberdi han alyp barmaly edildi. Kabul edilen bu karary pugta gizlin saklamaly diýen netijä gelindi.

Bu pikire hötjetlik bilen garşy çykan, hiç bir zada garamazdan göreşi dowam etdirmegi talap eden käbir aksakgallaram boldy. Nurberdi han olara:

— Görübereris — diýip jogap berdi, şunuň bilenem maslahattamamlandy.

Urşuň tarapdarlary hem, uruşmaga garşy bolýanlaram hany öz tarapdary hasaplaýardy, iki tarap hem oňa uly umyt baglaýardy, onuň at-abraýyna bil baglaýardy, onuň at-abraýy dürli pikir edýän adamlary hanyň zerur hasap eden bir kararyna getirmeli diýip hasap edýärdi.

Gündizlerine-de, gijelerine-de adamlar galanyň bir o ýerine, bir bu ýerine ýygnanýardylar, hemme kişi gürrüň berýärdi, hemme kişi diň salýardy. Bolup geçen wakalar entek juda täzedi hem özüniň garaşylmadyk netijesi babatda beýik mana eýedi. Bütin sähra, ähli goňşy ýurtlara biziň ruslar bilen uruşda gazanan ýeňşimiz hakdaky habar ýaýrapdy, biziň ýeňşimiz bolşundanam has ulaldylyp görkezilýärdi. Bu zatlaryň hemmesi entek uruşda bolup görmedik adamlary, bagty getirip aman galan adamlary, şeýle hem tä Mara çenli biziň ähli garyndaşlarymyzy göreşe galkyndyrýardy.

Basym Nurberdi han öldi, ony ruslaryň iberen adamlary awy berip öldürdiler. Umuman, ruslar şowsuzlyga uçranlaryndan soň, parslardan, özbeklerden, tatarlardan hem başgalardan biziň aramyza öz jansyzlaryny iberip durýardylar. Nurberdi hanyň ölmegi bilen Ahaly goramakda hem il-gün hakda alada etmekde uly at-abraý gazanan adamdan mahrum bolundy. Tähran bilen Buhara ony Ahalyň hakyky hany diýip ykrar edipdi. Ony köpçülik birnäçe gezek han saýlapdy, birnäçe gezek hanlykdan

kowupdy, ýöne şonda-da ony hemişe hormatlaýardylar hem ykrar edýärdiler. Bizi soňky başymyza düşen keç ykbaldan diňe ol gorap saklap biljekdi, onuň diýenine däl diýip biljek adam ýokdy. Orazmämmet han bilen Atalyk ruslar bilen parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmaga ýene synanyşyk edende welin, öňki garşylyklar ýene gaýtalanypdy. Gala gutarnykly ýumrulanda, ol uzak wagtlap gabalanda hem hüjüme geçilmezinden ozal galanyň diwarynyň esli bölegi partladylanda Orazmämmet han, Kerimberdi işan, Hanmämmet atalyk wepat boldy.


* * *

Aradan köp ýyllar geçensoň, 1900-nji ýyllar töwereginde Zakaspi oblastynyň naçalnigi hem goşun komanduýuşisi generalKuropatkin adatyna görä obalara aýlanyp ýörkä, bir goja bilengürrüňdeş bolup, ondan:

— Gökdepäniň diwarlarynyň eteginde näçe türkmen gyryldy? — diýip sorapdyr.

— Üç — diýip, goja jogap beripdir. General gaýtalap soranda,goja ýene öňküsi ýaly:

— Üç — diýip jogap beripdir. Kuropatkin goja öz soragyna düşünýän däldir öýdüpdir, diňe ruslaryň özüniň bäş müňden gowrak wepat bolan türkmeni jaýlandygyny, özüniň gala alnanda öldürilen türkmenleriň takmynan sanyny bilmek isleýändigini aýdypdyr. Goja edil öňküsi ýaly:

— Üç — diýip gaýtalapdyr. Gürrüňdeşiniň alasarmyk ýagdaýda galandygyny duýan goja soňra dilmaja ýüzlenip şeýle diýipdir. — Sen ýanarala aýt, men onuň soragyna düşünýärin, ol ýere duwlanan ähli adamlaryň umumy sany hakda aýdýar. Wepat bolan gaty köp adamyň jaýlanandygy hak, ýöne heleýlerimiz olary hut şol günüň ertesi dogurdylar. Meniň gürrüňini edýän üç adamym bolsa ýok, hiç wagt bolmazam.

— Ol üç adam kim?

— Amangeldi göni, N. bilen N.


GÖNÜBEK

Seýitmyrat Öwezbaýew

Terjime eden Nargylyç Hojageldiýew



Sahypalar

نظرات 0 + ارسال نظر
برای نمایش آواتار خود در این وبلاگ در سایت Gravatar.com ثبت نام کنید. (راهنما)
ایمیل شما بعد از ثبت نمایش داده نخواهد شد