گونوبک Gönübek

گونوبک Gönübek

Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi
گونوبک Gönübek

گونوبک Gönübek

Gökdepe söweşine gatnaşan türkmeniň gürrüňi

GÖNÜBEK 4

Aman galanlar öňe ylgaýardylar. Yzdan gelýänler ölenleriň jesedine, ýaralylara büdräp ýykylýardylar, ýerlerinden turup, ýene öňe ylgamagyny dowam edýärdiler. Ýolda ýykylanlar gaty köp boldy. Ýekeje ok hem boş geçenok diýen ýalydy, sebäbi gaty üýşmek bolnup çozulypdy, märeke hem inine ýaýrandy, hem öňi-ardy ýokdy. Ylgap  arýan adamlaryň ok degip ýykylýany köp bolansoň, olaryň hatarlary barha seýrekleýärdi. Käýerlerde atyşyk kesilipdi, adamlaryň gykylygy, ýaraglaryň jarkyldysy, sögünç, nagra eşidilýärdi, bu biziňkileriň duşmanyň üstüne ýetendiginiň hem çapyp başlandygynyň alamatydy. Basym garymyň uzaboýuna atyşyk kesildi, hemme ýerde türkmenleriň sesleri eşidilýärdi, käte olaryň sesine ruslaryň düşnüksiz gykylygy hem goşulýardy. Garymlardaky mergenleriň birentegi çapyldy, birentegi ýaragyny taşlap gaçyp gitdi. Göze görnüp gaçýanlaryň yzyndan kowýardylar. Adamlaryň köpüsi garymlarda güýmenip galdy, olar ýarag, ok gözleýärdiler, ölenleriň aýakgaplaryny çykaryp alýardylar. Daş töwerek ölülerden, ýaralylardan leýis bolup ýatyrdy, öli, ýaraly ruslar, türkmenler, iňňildi, — bu zatlaryň hemmesi jemlenip tamamlanyp barýan gijäniň alagaraňkysyna duwlanan aýylganç kartinany emele getirýärdi. Käbir adamlaryň sudury bir eýläk, bir beýläk ylgaýardy, birnäçeler bolsa gala tarap eňipdiler. Rus lagerinde nirelerdedir bir ýerlerde howsalaly gykylyk, düşnüksiz sesler eşidilýärdi. Aradan birneme wagt geçenden soň, ruslar tarapyndan ýene atyşyk başlandy, ýöne indi ol ullakan zeper ýetirip bilenokdy.

Howa ýagtylyp başlady. Hemme zat aýyl-saýyl boldy. Ruslar diňe mergenleriň seýrek hataryny galdyryp, garankynyň içinde gaty yza çekilipdirler. Biziňkileriň köpüsi gala tarap dolandylar. Kim olja alan ýaragyny getirýärdi, kim öleniň jesedini, kim ýaralyny alyp gelýärdi, käbirleri bolsa hiç sebäp ýok ýerinden yzyna dolanypdy. Garymlaryň içi öldürilen rus soldatlaryndan doludy. Kimiň kelle çanagy pytradylypdyr, kimiň garny silkilipdir, kimiň eli ýok. Özem her hili ýagdaýda ýatyrlar, hemmesiniň diýen ýalam egin-eşigi sypyrylgydy. Türkmenleriňem jesedi dürli ýagdaýda sergi bolup ýatyrdy: kim ýüzin ýatyrdy, kim ýüplük ýaly süýnüp ýatyrdy, kim gapdalyna gyşaryp ýatyrdy. Haýsy ýanyňa seretseň, gan yzy bolup durdy.

Biziňkileriň jesetleriniň bir bölegi gije gala äkidilipdi, bir bölegi, has dogrusy, köpüsi henizem ýygnalman ýatyrdy. Ýatanlaryň birnäçesinde henizem dirilik alamaty bardy. Jesetleri hem ýaralylary ýygnamak dowam etdirildi. Basym söweş meýdany bütinleý arassalandy. Mergenler garymlara ýeke-ýekeden hem top tutup gelip başladylar. Olaryň birnäçesiniň elinde berdankasy bardy, batyr ýigitler olja alan ýaragyny ogluna, doganyna ýa-da başga bir ýakyn adamyna beripdiler. Olaryň köpüsiniň bolsa hyrlysy bardy. Galanyň bir ol ýerinden, bir bu ýerinden biziň atlylarymyz çykyp başlady hem dürli tarapdan duşman sapyna tarap süýşüp ugrady. Uzakdan topar tutuşyp duran atly kazaklar hem görünýärdi. Toplardan ok atylyp başlandy. Top oklarynyň birnäçesi galanyň içine ýa-da golaýyna düşýärdi, birnäçesi garymlara düşýärdi.

Daş-töwerek hereketden doludy. Biziň atlylarymyz kazaklaryň yzyndan kowup gitdiler, pyýada mergenleriň oduna sezewar bolubam yzlaryna gaçdylar. Gunortanlar atly ýigitleriň bir topary dolanyp geldi. Olar atly kazaklaryň yzyndan kowandyklaryny, kazaklaryň baştutanynyň hem türkmendigini gürrüň berdiler. Şol türkmeniň gaçyp barýarka zyňan zady diýip, bir bölejik kagyzy berdiler. Ruslaryň häli-şindi diýen ýaly dürli kagyzlary taşlap durandygyny, ol hatlarda bolsa uruşman boýun egmegiň teklip edilýändigini aýtmak gerek. Ol hatlar haýbat atmak bilen tamamlanýardy.

Bir ýerden sowatly adam tapyp getirdiler. Ol hat Musa handan eken. Ol hatynda ruslaryň şu gün aýgytly hüjüme geçmegi ýüreklerine düwendigini, şonuň üçinem söweşe taýýar bolup durmagy maslahat berýärdi. Hatyň mazmuny galadaky ähli adamlara, galanyň diwarynyň daş ýüzündäki mergenlere ýetirildi.

Şehit ölenleri ýuwup-artyp oturman, geýimi bilen jaýlaýmaly bolansoň, bu iş aňsatlaşýardy, şonuň üçinem aradan kän wagt geçmänkä, jaýlanmadyk ýekeje jesedem galmady. Gaty köp ýaralylar tümlerde hem öýlerde iňleşip ýatyrdylar. Aýallary hem garyndaşlary olaryň daşynda pelesaň kakýardylar. Ýöne hekimden, däri-dermandan peýda ýokdy, hemme zat bedeniň düşen ýara çydam edip biljegine-bilmejegine, ýaranyň agyrlygyna ýa-da ýeňilligine, ok ýarasydygyna ýa-da naýza ýarasydygyna baglydy. Kysmaty dolan bolsa öler, ýogsa-da diri galar diýip, adamlar özözlerini köşeşdirýärdiler, umyt edýärdiler. Adamyň sanalgysy dolmadyk bolsa, däri-dermanam häki bir sebäpdir, kazasy dolan bolsa-da däri-dermandanam peýda bolmaz diýýärdiler.

Toplaryň hem tüpeňleriň atylyşy güýçlenip başlady. Uzakdan görünýän gaýda-gaýmalaşyk, öň hatardaky mergenleriň hatarlarynyň gürelmegi Musa hanyň duýduryşynyň dogrudygyny tassyklaýardy. Dolanyp gelen atly ýigitlerem ruslaryň söweşe taýýarlyk görýändigini tassykladylar. Ähli mergenleri galadan daşary çykaryp, amatly ýerlerde ýerleşdirmek, men diýen mergenleri saýlap almak kararyna gelindi.

Her zada garaşybermeli pursat geldi. Mergenleriň ýerleşen ýerine suw, azyk eltip gelen adamlar ruslaryň adatdan daşary güýçli ot sowurýandygyny, mergenleriň köp ýitgi çekýändigini habar berdiler. Goşmaça güýç gerekdigini, sebäbi ruslaryň güýçlerini jemläp, barha öňe omzaýandyklaryny aýtdylar. Biziň mergenlerimiziň oky olara ýetmänsoň, olar arkaýyn hereket edýärmişler. Diňe olaryň käbiri biziň berdankalarymyzyň okundan heläk bolýarmyş, ýöne berdanka bizde juda azdy.

Mergenler hem söweşe döwtalap beýleki adamlar topar-topar bolup ýa-da ýekelikde öz saýlap alan ýerlerine gidýärdiler. Galada diňe sowuk ýaragly adamlar galdylar. Olara biziň mergenlerimize kömek gerek bolaýan halatynda galanyň diwarlarynyň daş ýüzündäki käliň içinde häzir bolmak tabşyryldy.

Biz dessine özümiziň ýeke-täk topumyzy Dinlidepäniň üstüne çykarmak bilen bolduk. Birnäçe top okuny guýan Abdylla ussa topy atmaga taýynlanyp başlady. Biz gaty köp adam bolup, bilesigelijilik bilen topuň atylyşyna syn etmek üçin depäniň üstüne çykdyk. Mazaly taýýarlanandan soň, nyşana alyp, Abdylla ussa topy güwledip goýberdi. Dürli tarapdan «Ja-an! Ja-an!» diýen sesler ýaňlandy. Topuň nilinden çykýan goýy tüsse daş-töweregi gabsap aldy. Tüsse dargaşansoň, Abdylla ussa ony ikinji gezek atmaga taýýarlanyp başlady. Ýene-de şol öňki gümmürdi, ýene-de şol öňki tüsse, ýene-de şol öňki begençli sesler.

Ruslar agyr märekäniň depäniň üstünde üýşmek bolup duranyny görüp, bize tarap birnäçe top okuny gönderdi. Top oklary biziň golaýjagymyzda ýaryldy, onsoň biz dargamaga mejbur bolduk. Diňe Abdyllanyň ýeke özi atmagyny dowam etdirmäge synandy. Ýöne mergenleriň ýatan ýerinden bir adam Abdylla ussa top atmasyn diýen haýyş bilen geldi, sebäbi onuň oklary zordan mergenleriň üstaşyr geçýärmiş, olar özümiziňkiler üçin howplumyş, ruslara edip bilýän zady ýokmuş. Dogrudanam, top okunyň atylyp barşyny-da synlap durmalydy, onuň öňünden sowlubam ýetişmek mümkindi! Biz topumyzdan köp zada garaşýardyk, ýöne ony ulanyşymyz şunuň bilen tamamlandy. Ol top soň-soňlaram depäniň üstünde idi-yssywatsyz uzak wagtlap ýatdy. Öň hatarlardaky mergenler biri-birinden eýmenç habarlar getirýärdiler. Uly ýitgiler çekýändigimizi, ruslaryň uly güýçleriniň barha golaýlaşýandygyny, ýagdaýyň bütinleý üýtgäýmeginiň äşgär bolup ugrandygyny aýdýardylar. 

Günortana golaý tüpeňlerden hem toplardan ok atylyşy ýetjek derejesine ýetdi. Mergenler bilen galanyň aralygynda biziň mergenleriň ýatan ýerine gelýärkä ýa-da ol ýerden barýarka ok degen adamlarymyzyň jesetleri görünýärdi. Aýallar, çagalar hem gojalar: «Yslama kuwwat ber!» «Ýa hudaý!» diýşip, allaha ýalbarýardylar. Käbir aýallar arkalaryna suwly meşik ýa-da çörekli torba alyp, galadan garymlara tarap ylgaýardylar. Ok olary hem aýap durmaýardy. Birnäçeleri bolsa sag-aman yzyna dolanyp gelýärdi.

Günortandan soň top atylyşy has güýçlenip, tüpeň atylyşy birneme kiparlady. Birdenem garaşylman durka «Ura-a-a! Ura-a-a!» diýen sesler howany ýaňlandyryp gitdi. Ruslar naýzalaryny gezäp topuldylar. Biziňkilerem «Al-la-a-a!» diýip, källerden hem çöketlerden çykyp öňe eňdiler. «Ura!» hem «Alla!» diýen sesler goşulyşyp, güwläp durdy, ýarylýan granatlaryň sesi hem şol güwwüldä goşulyp gidýärdi. Biziňkiler ylgap ýetýänçäler, ruslar biziň mergenlerimiziň ep-esli bölegini paýhynladylar hem garymlary eýelediler. Mergenleriň bir bölegi gala tarap gaçyp gaýtdy. Ruslar ýakyn aralykdan biziň topar tutup barýan adamlarymyzyň üstüne ajal oduny ýagdyrdylar. Şol «alla!» hem «ura!» diýen sesler henizem howany dolduryp durdy. Biziň hatarlarymyz seýrekleýärdi. Biziň hüjüme geçen adamlarymyz bilen mergenleriň pozisiýalaryndan gaçyp gelýän adamlar garyşanda, aljyraňlylyk başlandy. Biziňkileriň bir bölegi ruslaryň üstüne ylgamagyny dowam etdirdi, bir bölegi ýaýdanyp aýak çeken ýaly boldy.

Gönübek hem hüjüme barýanlaryň arasyndady. Ruslar biziňkileriň aljyraňa düşenini görüp, garymlardan ylgap çykdylar-da, olaryň üstüne eňdiler. Alla!.. Ura!.. Alla!-. Ura!.. Günüň günortany ruslar bilen türkmenler döwüş gurup başladylar. Biri çapýardy, biri sançýardy, biri atýardy. Şakyrdy, düňküldi, goh, gümmürdi, çirkin sesler, iňňildi dynman ýaňlanýardy, niräňe baksaň, gan akýardy, ruslaryň hem türkmenleriň jesetleri çaşyp ýatyrdy, türkmenleriňki köpdi... Ruslaryň sany barha artýardy, yzdan çaltlyk bilen täze güýçler gelip ýetişýärdi. Top hem tüpeň atylyşy ýetjek derejesine ýetipdi, bütin dünýä elhenç gümmürdä gaplanyp duran ýalydy. Biziň hatarlarymyza aljyraňlylyk aralaşypdy, ruslaryň bolsa ruhy göterilen ýaly bolupdy. Biziň käbir adamlarymyz yzlaryna gaçyp başladylar. Ruslaryň gykylygy has güýçlendi. Gala tarap gaçýanlaryň sany barha artýardy. Ruslaryň yzyndan kömege gelenler öň hatardakylar bilen goşulyşdylar. Sähel salymdan soň hemme kişiniň ýüzi gala tarap öwrüldi. Öňden kä onda, kä munda ýykylanlaryny taşlap, türkmenler gaçyp barýardylar, yzlaryndan bolsa üstünlikden gylaw alan ruslar arany ýygryp gelýärdiler. Indi diňe «Ura!» diýen sesler eşidilýärdi... Ruslaryň hemmesi duran-duran ýerinden, dürli aralykdan gala tarap eňipdiler. Biziň heläk boljagymyz iki uçsuzdy. Aýry-aýry adamlar, aksakgallar näçe gygyrsalaram, gaçyp gelýän mähelläni yzyna dolap biler ýaly däldi. Ruslaryň ýeňşi äşgär boldy.



Sahypalar